Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda kiçi mejlisler zalynda göni wideoaragatnaşyk arkaly seminar maslahaty geçirildi. Maslahata Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň ýolbaşçylary, türgenler we sport lukmanlary gatnaşdylar.
Göni wideoaragatnaşyk arkaly seminar maslahatyna biziň ýokary okuw mekdebiziň mugallymlary hem işjeň gatnaşyp, olar ýurdumyzda sporta goýulýan sarpa, türgenlerimiziň geçiriljek halkara ýaryşlara taýýarlyklary barada, şeýle-de “Türgenleriň hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlaryň arasynda fiziki işjeňligi ýokarlandyrmagyň ugurlary we Dürli saglyk ýagdaýly ilatyň arasynda uýgunlaşdyryjy bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti” temalaryň üstünde giňişleýin çykyş etdiler.
Dabara türkmen sportunyň hak howandary hormatly Prezidentimize alkyş sözleri bilen tamamlandy
Taýýarlan: Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň
uly mugallymy G. Ýalkapowa