Объявления сайта

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

by Admin User -
Number of replies: 0


Ýakynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşlaryň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna bagyşlanyp ýokary okuw jaýymyzda dabara geçirildi.

Mejlisler zalynda guralan dabara ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary, mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri dogrusynda ýaşlaryň Watanymyzyň baýdak göterijisi bolup, at-owazasyny belende galdyrjak nesiller bolup ýetişmekleri dogrusynda çykyş etdiler.

Dabara Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýaşlaryň ýürekden çykýan päk arzuwlary bilen tamamlandy.

 Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň 

mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa