Объявления сайта

Çeper okaýyş bäsleşigi

by Admin User -


Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp sahypalaryna mynasyp derejede ýazyljak möhüm medeni çäräniň biri Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen çeper okaýyş bäsleşigi boldy. Bu bäsleşik Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň akyldar pähim-paýhasyndan dörän «Hakyda göwheri» atly kitaplaryna bagyşlandy. Ruhy mirasyň beýikliginiň, söz sungatynyň täsir güýçlüdiginiň, döredijilige bolan söýginiň dabaralanan bu baýramçylyk çäresi ähli gatnaşyjylaryň kalbyna ruhubelentlik çaýdy.
Bäsleşige ýokary okuw mekdebimiziň fakultetlerinden seçilip alnan ýedi talypdan düzülen «Bitaraplyk», «Parahatçylyk» we «Abadançylyk» atly üç topar gatnaşdy. Her çykyşda diňe bir setirler ýa-da sözler däl, eýsem, kalbyň joşguny, ýürekden döreýän buýsanç, watançylygyň beýik nusgasy äşgär boldy. Talyp ýaşlar çykyşlaryny diňe söz meýdanynda däl, eýsem, döredijilik bilen bezelen prezentasiýalar arkaly hem baýlaşdyryp, söz baýlygyny, edebi dil döredijiligini we kitaplaryň pikir çuňlugyna olaryň ýetirýän many-mazmunyny ussatlyk bilen açyp görkezmekde özara bäsleşdiler.
Çäräniň döredijilik ruhuny has-da belende göteren çykyşlaryň biri bolsa, institutymyzyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary boldy. Olaryň döreden milli şöhle saçýan mukamlary bäsleşigiň many-mazmunyna ruhy lezzet goşup, tomaşaçylaryň alkyşly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Netijede, bäsleşik diňe bir döredijilik synagy bolman, eýsem, ýaşlaryň milli edebiýata, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň  gymmatly eserlerine bolan hormat-sarpasyny ýürekden beýan edýän medeni dabara öwrüldi. Ýeňijilere ýokary okuw mekdebimiziň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV Uniwersiada

by Admin User -


2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 23-nji oktýabrynda nobatdaky geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport çärelerine badalga berildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda geçirilen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy atly» XV Uniwersiadanyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji noýabrynda çykaran «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryny guramagyň we geçirmegiň meseleleri hakyndaky 10698 belgili kararyna laýyklykda, her ýyl yzygiderli geçirilýän bu sport çäresi  başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny äşgär edýär. Sport dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň esasy guraly bolup durýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän bu sport ýaryşlary ýaşlaryň arasynda dost-doganlyga, watana bolan söýgini, maksada okgunlygy terbiýeleýär, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirýär.
Talyplaryň arasynda geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV Uniwersiadasynyň sport ýaryşlarynyň badalga berilmegine bagyşlanan dabara özboluşly sport baýramçylygyna öwrüldi. Bu dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty  ösdürmeklige uly üns berýänligi üçin hoşallyk bildirdiler. Dabarada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň döredijilik toparlarynyň şowhunly aýdym-saz çykyşlary hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýaş türgenleriniň sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary dabarany has-da şatly-şowhuna besledi.

Rahat SAMATOW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň
bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölüminiň başlygynyň orunbasary.

Türkmen talyplarynyň üstünlikli çykyşlary – CAVA talyplar çempionatynda

by Admin User -


2025-nji ýylyň 15–21-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça «CAVA Men’s & Women’s Students Volleyball Championship 2025» atly halkara ýaryş geçirildi.
Buhara şäherinde guralan bu halkara çempionatda ýokary okuw mekdepleriniň talyp toparlary özara güýç synanyşdylar. Ýaryşyň netijelerine görä, zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýurdumyzyň zenanlar milli ýygyndy toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly 2-nji orna hem-de kümüş medala mynasyp boldular.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyplary hem bu üstünlige mynasyp goşandyny goşdular. Institutyň 1-nji ýyl talyby Güljahan Joraýewa, 2-nji ýyl talyplary Bägül Allalyýewa we Maral Hajymämmedowa zenanlar ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etdiler. Şol bir wagtyň özünde, 3-nji ýyl talyp Baýramgeldi Berdiýew bolsa erkekler ýygyndy toparynyň düzüminde netijeli çykyş etdi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.

Talyplar sportunyň Aziýa sebitiniň wekilleri Ulan-Bator şäherinde duşuşýarlar

by Admin User -


2025-nji ýylyň 20–21-nji oktýabry aralygynda Mongoliýa Halk Respublikasynyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyp sporty boýunça guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda halkara seminar-maslahaty geçirilýär. «Ýokary bilim ulgamynda saglygy, abadançylygy we sporty ösdürmek» atly halkara seminar-maslahatyna ýurdumyzdan Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň başa-baş tutluşyk kafedrasynyň uly mugallymy Serdar Gurdow wekilçilik edýär. Maslahaty Aziýa yklymyndaky talyplar sport federasiýasy, Halkara talyplar sport federasiýasy we Mongoliýanyň talyplar sport federasiýasy bilelikde guraýarlar.
Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda talyplar sportunyň ösüşi, talyplaryň bedenterbiýe taýýarlygy, sport çäreleriniň utgaşdyrylmagy, şeýle hem sebitiň türgenleriniň yklym we dünýä derejesindäki ýaryşlara gatnaşygyny giňeltmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Oňa Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Çäräni Aziýa talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi, singapurly S.Ç.Feýw alyp barýar. Şeýle-de Hytaýdan federasiýanyň sekretariatynyň wekilleri hem geldiler. Duşuşykda geljekde sebitleýin maslahaty geçirmek üçin dalaş edýän Gündogar Aziýanyň wekili hökmünde Taýwan bilen Günorta Aziýanyň wekili hökmünde Taýlandyň talyplar sport federasiýasynyň wekilleri-de tejribe alyşýarlar.
Bu maslahaty Mongoliýa ilkinji gezek kabul edýär. Geljekde bolsa Aziýanyň beýleki sebitlerinde-de şeýle halkara duşuşyklary geçirmegiň meýilleşdirilýändigi aýdylýar. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, Mongoliýa Gündogar Aziýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda bedenterbiýe we sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm arabaglanyşdyryjy orny eýeleýär. 
1995-nji ýyldan bäri Halkara talyplar sport federasiýasynyň (FISU), 2004-nji ýyldan bäri bolsa Aziýa yklymyndaky talyplar sport federasiýasynyň (AUSF) agzasy we dolandyryjy düzümi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan bolan Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy ýurdumyzda yglan edilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Uniwersiadanyň oýunlarynyň maksatnamasy esasynda talyplar sportuny yzygiderli ösdürmäge gatnaşýar. 2024-nji ýylda bolsa Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň çözgüdi bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim-terbiýe alýan ýokary derejeli talyp türgenler halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, 2020-nji ýylda 18 medala, 2021-nji ýylda 13 medala, 2022-nji ýylda 86 medala, 2023-nji ýylda 149 medala, 2024-nji ýylda 127 medala, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen aýlarynyň dowamynda 132 medala mynasyp bolmagy başarýarlar. Ýylyň-ýylyna artýan görkezijiler zehinli ýaşlaryň sporta bolan höwesiniň ýokarydygyny görkezýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.

Tälimçi-mugallymymyz – halkara ýaryşda emin

by Admin User -


Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Işanguly Meretnyýazow 2025-nji ýylyň 18 — 22-nji oktýabry aralygynda Hujand şäherinde geçirilýän Täjigistanyň boks boýunça çempionatyna emin hökmünde gatnaşýar.
Ýokary okuw mekdebinde talyplara bilim bermekde, türgenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýan Işanguly mugallymyň daşary ýurtda geçirilýän bu gezekki ýaryşa emin hökmünde çagyrylmagy milli sportumyzyň uly abraýa eýe bolýandygynyň, türkmen hünärmenlerine bildirilýän ynamyň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Hünär ýolunda ençeme ýyllyk baý tejribä eýe bolan halypa mugallym sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlarda eminlik etmek bilen, adalatly emin hökmünde tanalýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde Işanguly Meretnyýazow Aziýanyň boks konfederasiýasy tarapyndan «Aziýada ýylyň iň gowy emini» diýen hormatly ada mynasyp bolupdy. Bu bolsa Işanguly mugallymyň hünär ýolunda belent sepgitlere ýetýändigini görkezýär. Onuň Täjigistan Respublikasynyň nobatdaky çempionatynda eminlik etmegi türkmen-täjik gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna mynasyp goşantdyr.

Daýanç TAGYŞOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Older topics...