Объявления сайта

Sportuň erkin we grek-rim göreş görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty

от Admin User -


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň erkin hem-de grek-rim göreş görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýokary derejede dowam edýär. Ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Sport göreş federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýär.
Çempionat milli sportuň ösüş depginini aýdyň görkezmek bilen, ussat türgenleri ýüze çykarmakda möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Bäsleşikleriň dowamynda gatnaşyjylar taktiki taýýarlygyny, tehniki ussatlygyny we ýokary fiziki mümkinçiliklerini görkezýärler.
Bu derejedäki ýaryşlar diňe bir ýeňijileri kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem halkara ýaryşlara taýýarlyk görýän türgenler üçin hem möhüm tapgyr hökmünde çykyş edýär. Şeýle bäsleşikler tejribe toplamak, sport ussatlygyny kämilleşdirmek we geljekki üstünlikleriň binýadyny berkitmek nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedir.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Futzal, basketbol we woleýbol boýunça Türkmenistanyň Talyplar ligalaryna badalga berildi

от Admin User -


Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda futzal, basketbol hem-de woleýbol boýunça Türkmenistanyň Talyplar ligalarynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Bu çäre Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde tassyklan Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň 2026-njy ýyl üçin köpçülikleýin sport we medeni çäreleriniň meýilnamasy esasynda guraldy. Meýilnama «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaş nesli sagdyn ruhda terbiýelemek hem-de ýokary netijeli sporty goldamak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem, milli sport hereketiniň yzygiderli ösdürilýändigi we talyplaryň sport işjeňligine giňden çekilýändigi aýratyn nygtaldy.
Dabaranyň çäginde institutyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň we ruhubelentligiň waspy ýetirildi.
Türkmenistanyň Talyplar ligalarynyň açylmagy ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, talyplaryň arasynda bäsdeşlige ukyplylygy güýçlendirmäge hem-de ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilendir.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Türkmenistan Italiýada geçirilen halkara jiu-jitsu ýaryşynda üçünji orny eýeledi

от Admin User -


Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Italiýanyň Genuýa şäherinde geçirilen reýtingli halkara jiu-jitsu ýaryşynda 18 medal gazandy. Bäsleşigiň jemleri boýunça türkmen türgenleri umumy medal sanawynda 7 altyn, 6 kümüş we 5 bürünç medal bilen üçünji orny eýelediler.
Ýaryşa dünýäniň 30 ýurdundan 450-den gowrak türgen gatnaşdy.
Milli ýygyndy toparyň düzüminde ýurdumyzyň dürli okuw mekdeplerinden 18 türgen çykyş etdi. Altyn medallara Nuryýew Soltanmyrat (56 kg), Rahmanow Şyhberdi (62 kg), Öwezow Yslam (69 kg), Taganow Rahmet (77 kg), Gökgäýewa Suraý (57 kg), Abdyýewa Hurma (52 kg) we Ýollyýew Eziz (85 kg) mynasyp boldular.
Kümüş medallary Röwşenow Baýram (56 kg), Kullyýewa Aýnur (48 kg), Nuryýew Süleýman (62 kg), Amanmyradow Annagurt (77 kg), Dowwaýew Seýran (85 kg) we Esenow Gudrat (69 kg) gazandylar.
Bürünç medallara Kullyýewa Aýnur (Ne-waza), Garajaýew Abdyrahman (56 kg), Kulyýew Daýanç (77 kg), Rahmanow Parahat (62 kg) we Myradow Bagtyýar (85 kg) mynasyp boldular.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary bu halkara ýaryşda 4 altyn, 2 kümüş, 2 bürünç, jemi 8 sany medallary gazandylar.
Medal sanawynyň lideri 17 altyn, 14 kümüş we 19 bürünç medal bilen jemi 50 baýrak gazanan Italiýanyň ýygyndy topary boldy. Ikinji orny bolsa 7 altyn, 10 kümüş we 8 bürünç medal bilen jemi 25 baýrak gazanan Gazagystanyň ýygyndy topary eýeledi.


Meýletinçi ýaşlaryň güýji bilen

от Admin User -


Islendik iri çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde meýletinçileriň uly orny bar. Ýurdumyzda olary halkara forumlara, maslahatlara, sport ýaryşlaryna ykjam taýýarlamakda we şol çäreleriň dowam edýän günlerinde meýletinçileriň kömeginden netijeli peýdalanmakda baý tejribe toplanyldy. Ozal habar berşimiz ýaly, ýakyn günlerde AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde merjen paýtagtymyzda geçiriljek «Arkadag» — «Al-Nassr» duşuşygyna hem meýletinçileriň uly topary gatnaşar. Bu barada gyzyklanyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylym bölüminiň hünärmeni Arslan Myradowa ýüz tutduk.

— Arslan mugallym, metbugat çeşmelerinde öňde duran möhüm duşuşyk üçin meýletinçileriň ýarym müňden gowragynyň taýýarlanylýandygy bellenilýär...
— Hawa, 11-nji fewralda merjen paýtagtymyzda geçiriljek futbol duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde meýletinçiler we jogapkär mugallymlar taýýarlanylýar. Bu işe biziň ýokary okuw mekdebimizden 89 mugallym, 507 sany talyp çekildi.
— Şu gezekki taýýarlygyň esasy aýratynlygy hakynda näme aýdyp bilersiňiz?
— Şu gezek ýurdumyzdaky iri çärelere görülýän taýýarlygyň we olaryň guramaçylyk işleriniň çäklerinde ilkinji gezek sanly dolandyryş ulgamyndan peýdalanýarys. Bu platforma meýletinçileriň stadionyň çäginde tertipli we netijeli ýerleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen döredildi. Häzirlikçe synag görnüşinde işlenip taýýarlanylan platforma meýletinçileriň ýerleşýän nokatlaryny kartada anyk görmäge we olar bilen dessin aragatnaşygy alyp barmaga ýardam edýär. Platforma Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Ýaş tehnologlar» ylmy gurnagy tarapyndan teklip edildi. Ol onlaýn we offlaýn tertiplerde üstünlikli synagdan geçirildi.
— Meýletinçileriň taýýarlygy ýörite okuwlardan başlanýar. Şu gezekki okuwlaryň guramaçylyk ýagdaýy barada aýdaýsaňyz!
— Elbetde, meýletinçileriň nazary we amaly taýýarlygy, degişli meýilnama laýyklykda, doly üpjün edildi. Nazary taýýarlygyň çäginde sport etikasy, howpsuzlyk düzgünleri we aragatnaşyk medeniýeti boýunça 22 sagatlyk okuw sapagy geçirildi. Amaly taýýarlyk babatdaky işler bolsa geçen aýda paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda ugrukdyryş görnüşinde guraldy.
— Iri duşuşyk üçin diňe bir futbolçylar däl, meýletinçiler hem türgenleşmeli. Türgenleşik işleri tamamlandymy?
— Ýok, tamamlananok. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Olar dynç alyşdan dolanyp gelensoň, duşuşygyň öňüsyrasynda türgenleşikleri dowam etdirmegi meýilleşdirýäris. Aslynda, bu işe ýanwar aýynda girişdik. Olimpiýa stadionynda bolan türgenleşikleriň çäklerinde meýletin ýardamçylardyr jogapkär mugallymlaryň hyzmat etmeli ýerleri kesgitlenildi. Meýletinçilerimiz janköýerleriň 5,5 müňden gowragynyň gatnaşmagynda stadionda peýda boljak «ARKADAG» ýazgysyny ýazmak boýunça işleriň guramaçylygyna hem ýardam berýärler.
— Dürli ugurlar boýunça işlejek meýletinçilerden daşgary ýaş wagyzçylardan ybarat bolan media topary hem döredilipdir.
— Hawa. Şeýle topary döretmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna degişli. Bu bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ministrliklerdir pudak edaralarynyň öňde duran sport baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Media topary baradaky söhbedimizi dowam etsek, onuň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Türkmen döwlet medeniýet institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan mugallymlaryň 12-si, zehinli, dilewar talyplaryň bolsa 76-sy çekildi. Olar duşuşyga görülýän taýýarlyk işleriniň dowamynda we onuň geçirilýän günlerinde reportažlary, foto we wideo maglumatlary taýýarlamak hem-de halkara giňişlige çykarmak işlerine gatnaşarlar. Bu ugurda toparyň agzalary bilen onlaýn we amaly görnüşde ýörite okuwlar geçirildi.
— Umuman, meýletinçilerimiz hem, media toparynyň agzalary hem duşuşyga ýokary derejede taýýarlykly barýar. Goý, her bir iri sport baýramçylygynda bolşy ýaly, «Arkadag» toparynyň geçirjek taryhy futbol duşuşygy hem hakydalarda iň ýakymly ýatlamalary bilen galsyn! Arslan mugallym, biz hem size beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Işiňizde üstünlik hemraňyz bolsun!
— Köp sag boluň! Gahryman Arkadagymyz bu duşuşygyň hemmeler üçin baýramçylyk ruhuna beslenjekdigini aýtdy. Şundan ugur alyp, biz hem duşuşygy ýokary derejede geçirmek ugrunda elimizden gelenini gaýgyrmarys. «Arkadag» toparyna hem iri sport ýaryşynda ýeňiş arzuw edýäris.

Söhbetdeş bolan
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.

Meýletinçileriň sazlaşykly işlemegi üçin sanly platformalar ulanylar

от Admin User -


«Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirjek duşuşygyna giň möçberli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Duşuşygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, futbol janköýerleri hem-de tomaşaçylar üçin ähli zerur şertleri döretmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şu maksat bilen daşary ýurtly myhmanlar, wekiliýetler, eminler, türgenler we tomaşaçylar üçin amatly ýagdaýlary üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu jogapkärli işlere Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan düzülen meýletinçiler topary hem gatnaşar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Ýaş tehnologlar» ylmy gurnagy tarapyndan teklip edilen döwrebap sanly platformalar meýletinçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen ulanylar. Bu platformalar meýletinçileriň işini sanly serişdeler arkaly dolandyrmaga, olaryň ýerleşişini we hereketlerini wagt tertibinde gözegçilikde saklamaga, stadionyň çäginde janköýerleriň maksadalaýyk ýerleşdirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Onlaýn we offlaýn tertiplerde üstünlikli synagdan geçirilen platformalaryň kömegi bilen meýletinçileriň ýerleşýän nokatlary interaktiw kartada anyk görkezilip, olaryň hereketleri öňünden kesgitlenen ugurlar boýunça tertipleşdiriler. Şeýle hem meýletinçiler bilen tizara habarlaşmak, görkezmeleri ýetirmek hem-de zerur maglumatlary dessine paýlaşmak mümkinçiligi döredilendir.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Ýaş tehnologlar» ylmy gurnagy tarapyndan taýýarlanylýan dürli synag platformalary ýurdumyzda geçirilýän halkara sport çärelerini sanlylaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem taslamalar innowasion bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, milli sport ulgamynda täze tehnologik çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna itergi berýär.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Старые темы...