Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirlen Halk maslahatynyň mejlisinde goýulan weizpelerden ugur alyp, ýaşlaryň döredijilikde ukyplaryny ýokarlandyrmak, olaryň arasynda ykdysadyýetimiz bilen bir hatarda sazlaşykly ösýän milli medeniýetimize we sungatymyza, şeýle hem türkmen edebiýatyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat golýazmalar institutynyň we TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky “Arkadagly Ýaşlar” atly elektron žurnalynyň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik duşuşygyna biziň ýokary okuw mekdebimiziň hem sport žurnalistikasy hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Geçirilen döredijilik duşuşygy halypa şägirtlik ýolunyň ýurdumyzda aýratyn üns berilýänliginiň ýene bir gezek subutnamasyna öwrüldi. Şeýle-de talyplarymyza tejribe bolmak bilen olaryň döredijilik älemine ruhlandyrdy.
Dabara hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri bilen jemlendi. Dabara gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa