Ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Ýaşlary sporta çekmek, olaryň sagdyn bedenli we sagdyn ruhly bolmagy gazanmak maksady bilen düýpli işler durmuşa geçirilýär. Degişli guramalar tarapyndan ezber türgenleri ýetişdirmek maksady bilen sport ýaryşlary yzygiderli guralýar.
Şeýle ýokary guramaçylykda geçirilen ýaryşlaryň biri bolan “Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly geçirilen sport ýaryşy aýtmak bolar. Golaýda ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarysy geçirildi.
Dabarada ýeňiji bolan toparlara degişli guramalar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Aýdym-sazly ýokary guramaçylykda geçirlen dabara Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözleri bilen tamamlandy.
Taýýarlan A.Amanberdiýewa, Türkmen döwlet bedenterbiýe
we sport institutynyň mugallymy