Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
mejlisler zalynda Beýik Ýeňişiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat
geçirildi. “Gahrymanlar hiç unudylmaýar” şygar astynda geçirilen dabara ýokary okuw
mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň, professor mugallymlarynyň işjeň gatnaşmagynda
guraldy.
Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň şat ýaýnaýan bagtyýar zamanasyna ýetýänçä az hupbaty başdan geçirmänligi, her bir çarkandakly synaglarda türkmen özüniň millet hökmündäki beýikligini ykrar etdirmek üçin janyny-tenini orta goýanlygy dogrysynda birnäçe çykyşlar edildi.
Ganly-gowgaly, şanly-şöharatly uzyn taryhymyzyň gatlaryna ýürek awusy bilen siňen şol pajygaly döwürler hakynda pikir ýöretmek, ýatlamak näçe agyr hem bolsa, hakyda bizi şol hasratly heňňamlara alyp gidýän Beýik Watançylyk urşynyň gahrymanlarynyň ruhunyň köňüllerde saklanýandygy çykyş edenleriň ählisi tarapyndan dile getirildi. Watan gerçekleri ölmez-ýitmez, hakyda-da ady öçmez.
Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa