Объявления сайта

Talyplarymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdylar

Talyplarymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdylar

by Admin User -
Number of replies: 0


   Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Sport ulgamynyň gülläp ösmegini şöhlelendirýän giň gerimli çäreler ýurdymyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaş nesillerimiziň ruhy-ahlak we beden taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmagy ýokary derejede bilim bermegi, ahyrky netijede, bolsa jemgyýetimiziň we döwletimiziň edýän uly aladalaryna  mynasyp jogap berýän ýaş nesli ýetişdirmegi maksat edinýär.

   Ýakynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen dabarly çäreler hem ýokarda aýdylanlaryň subutnamasy bolup durýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen welosiped ýörişi uly seslenmä eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň görelde bolmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişine biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň hem işjeň gatnaşmagy bedenterbiýe we sporty wagyz etmekde uly ähmiýete eýe boldy.

   Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän bu sene sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkerar etmek işinde halkara jemgyýetçilik bilen raýdaşlygyny görkezdi.

Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň 

mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa