Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şeýle-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini şöhlelendirýän medeni çäre guraldy.
Saglyk aýyna bagyşlanyp geçirilýän bu dabara Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we orta mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçirilýän bu dabara ýaşlarda uly gyzyklanma döredip, bedenterbiýe we sporty wagyz etmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça medeni çäre ýurdumyzda sagdyn durmuşy wagyz etmekde, ýaşlary sporta çekmekde görelde mekdebi bolup hyzmat etdi.
Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa