Объявления сайта

Talyplaryň arasynda welosport boýunça bäsleşik

Talyplaryň arasynda welosport boýunça bäsleşik

by Admin User -
Number of replies: 0


   Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport çäreleriniň ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň welosport görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu ýaryş ýaşlaryň arasynda sporta bolan gyzyklanmany artdyrmak, olaryň fiziki taýýarlygyny ýokarlandyrmak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen guraldy.
   Ýaryşa ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan talyplar çaltlyk, çydamlylyk we sport ussatlygy boýunça güýç synanyşdylar. Netijede, ýokary sport taýýarlygyny görkezmegi başaran Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri toparlaýyn hasapda öňdeligi eýelediler.
Welosport (oglanlar):
  I orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty
  II orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
  III orun - Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty
Welosport (gyzlar):
  I orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty
  II orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
  III orun - Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
Ýaryşyň dowamynda gatnaşan her bir talyp türgen üstünlik gazanmak bilen bir hatarda, sport ruhunyň, dost-doganlygyň, sagdyn bäsdeşligiň gymmatlyklaryna eýerdiler. 

Ýelizaweta RAHMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 
sport hünäriniň 4-nji ýyl talyby.