Объявления сайта

Göreş görnüşleri boýunça ýaryşlar - üstünlikli çykyşlaryň dowamy

Göreş görnüşleri boýunça ýaryşlar - üstünlikli çykyşlaryň dowamy

by Admin User -
Number of replies: 0


    Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň nobatdakysy grek-rim we erkin göreş boýunça ýaryşlar  Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň sport toplumynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
    Sportuň erkin göreş görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň türgenleri ýokary ussatlyk bilen çykyş edip, birinji orna eýe boldular. Ikinji orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary, üçünji orny bolsa Türkmen döwlet maliýe institutynyň topary mynasyp boldular.
   Bu bäsleşikler ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmakda, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmekde, şeýle hem sportuň dürli görnüşleriniň giňden wagyz edilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýelizaweta RAHMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 
sport hünäriniň 4-nji ýyl talyby.