Объявления сайта

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler

by News TDBweSI -


    2026-njy ýylyň 10 aýynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, jemi 590 medal gazandylar. Olaryň 179-sy altyn, 188-si kümüş, 223-si bolsa bürünç medallardyr.
    Bu barada Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenildi. Mejlisde 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
    Hasabat döwründe Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak, halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilýändigi aýdyldy.
    Türkmen türgenleriniň gazanan medallary milli sport ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini, türgenleriň halkara derejesinde üstünlikli çykyş edýändiklerini görkezýär. Bu üstünlikler ýurdumyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Talyp türgenimiz dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

by News TDBweSI -


    Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzadbek Mätýakubow Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 110 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.
    Türkmen türgeni iki görnüşiň jemi boýunça 417 kg netije görkezdi – silterläp götermekde 187 kg, itekläp götermekde – 230 kg.
    Altyn medala Özbegistanyň wekili Akbar Juraýew mynasyp boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 432 kg (198+234) netije görkezdi, silterlemede we iki görnüşiň jeminde dünýä rekordlaryny täzeledi. Eýranly Alireza Nasiri 418 kg (185+233) netije bilen kümüş medal gazandy.
    Şahzadbek Mätýakubowyň üstünligi Türkmenistana ýaryşda ilkinji medaly getirdi.
    Ninbodaky dünýä çempionatynda 16 ýaşly Şabnam Kerimbaýewa 57 kg çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda iki dünýä rekordyny täzeledi we ýaryşy bäşinji orunda tamamlady. Türkmenistanyň ýene bir wekili, 18 ýaşly Diderbek Jumabaýew 75 kg çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda üç dünýä rekordyny täzeledi, emma ýaryşda ýedinji orny eýeledi.
    Ninboda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionaty 8-nji noýabrda tamamlanar. Türkmenistandan ýaryşda on türgen çykyş edýär.


Ýaşlaryň sport baýramynyň açylyşy

by News TDBweSI -


    Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XVI Uniwersiadanyň we Spartakiadanyň açylyş dabarasy geçirildi.
    Resmi bölümden soň institutyň döredijilik toparlary çärä gatnaşyjylara aýdym-sazly we tansly çykyşlary sowgat etdiler.
    Soňra dzýudo, sambo, boks, karate, gandbol, basketbol, futbol we gimnastika boýunça görkezme çykyşlary bilen dowam etdirilen maksatnama sportuň dürli görnüşleriniň özüneçekijiligini açyp görkezdi.
    Şu ýylky Uniwersiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeleriniň 23-siniň talyplaryny bir ýere jemleýär. Tassyklanan düzgünnama laýyklykda, talyp ýaşlar sportuň 23 görnüşi boýunça güýç synanyşarlar. 
    Başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän Spartakiada 24 bilim edarasyny öz içine alýar.
    Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Spartakiada bolsa 140-dan gowrak bilim edarasynyň gatnaşmagynda guralýar.
    Öňde ýurdumyzyň ýaşlaryna toparlaýyn we şahsy hasaplarda gyzykly hem-de çekeleşikli ýaryşlar garaşýar. Bu sport baýramynyň täze zehinleri ýüze çykaryp, geljekde halkara sport arenasynda Watanymyza mynasyp wekilçilik etjek türgenleriň kemala gelmegine giň ýol açjakdygyna ynam uly.



Ýurdumyzyň sport ösüşleriniň dabaralanmasy

by News TDBweSI -


    Häzirki zaman sportunyň ylmy binýady we sport diplomatiýasy
    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz diňe bir ykdysady we medeni ösüşleriň däl, eýsem, dünýä ylmynyň, bedenterbiýäniň we sport diplomatiýasynyň kuwwatly iri merkezine öwrüldi. Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, bedenterbiýäni we sporty ylmyň soňky öňdebaryjy gazananlary, sanly tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşdyrmak, şeýle hem dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň täze, giň köprülerini gurmakdan ybaratdyr.
    Ýakynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat we sergi bu ugurda amala aşyrylýan giň göwrümli işleriň aýdyň subutnamasy boldy.
    Halkara forumyň taryhy ähmiýeti we sport ulgamynda ylmy bölümleri
    Bu iri möçberli halkara forumy bedenterbiýe we sport ulgamynyň ylmy binýadyny düýpli kämilleşdirmekde, öňdebaryjy dünýä tejribesini ýerli tejribe bilen baýlaşdyrmakda hem-de sebitara we halkara hyzmatdaşlygy ýokary basgançaklara çykarmakda aýratyn taryhy ähmiýete eýedir. Maslahatyň çäklerinde bedenterbiýe we sport ulgamynda ýöriteleşdirilen üç sany ylmy ugurly bölümler ýokary guramaçylyk derejesinde öz işini alyp bardy. «Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar» we «Olimpiýa filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek» atly bölümler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda öz işini üstünlikli tamamlady. «Nobatdaky Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň ugurlary» atly bölüm bolsa Türkmenistanyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Giň geografiýa we halkara gatnaşyklar
    Bu abraýly ylmy maslahatyň işine diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurtlaryň hem iň öňdebaryjy sport ylymlary boýunça tanymal alymlary, professorlary, bilermenler we görnükli tälimçiler işjeň gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Gruziýadan, Litwadan, Türkiýe Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan hem-de Azerbaýjandan gelen myhmanlar bar.
    Şeýle hem Halkara sport tehnologiýalary birleşiginiň we Türkiýe Respublikasynyň Sport ylymlary birleşiginiň ýokary derejeli wekilleriniň bu foruma işjeň gatnaşmagy sport ulgamynda köptaraply diplomatik, ylmy we amaly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin täze gözýetimleri açdy.
    Sergi meýdançalary we amaly-görkezme sapaklary
    Maslahat diňe bir nazary çykyşlar we ylmy nutuklar bilen çäklenmän, eýsem, ýokary derejeli amaly-görkezme dersleri, giň möçberli sergiler we halkara derejeli okuw sapaklar bilen baýlaşdyryldy. Forumyň bölümçeleriniň işine başlamazdan ozal, gatnaşyjylar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sergi meýdançasynda ýurdumyzyň sport üstünliklerine bagyşlanan sergini uly gyzyklanma bilen synladylar.
    Bu sergide «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň amala aşyrýan düýpli barlag işleri, türgenleri taýýarlamakda we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda giňden peýdalanylýan döwrebap innowasion tehnologiýalar hem-de sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada anyk hem-de täsirli maglumatlar berildi.
    Gelen myhmanlar we ýerli alymlar tarapyndan umumylykda 150-den gowrak çuňňur mazmunly ylmy çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman sport üstünlikleri diňe bir türgeniň fiziki mümkinçiligine däl, eýsem sanly tehnologiýalary we sport biomehanikasyny giňden ulanmaga, sport lukmançylygynyň hem-de psihologiýasynyň iň täze gazananlaryna, ylmy barlaglaryň netijelerine daýanýan amaly usullara göni baglydyr.
    Şeýle hem maslahatyň çäklerinde halkara sport federasiýalaryň tejribeli hünärmenleriniň gatnaşmagynda sportuň boks, erkin göreş, adaty karate, uşu, badminton hem-de stol tennis görnüşleri boýunça ýörite ussatlyk görkezme çykyşlary guraldy. Bu amaly sapaklar ýaş türgenlerimiz we tälimçilerimiz üçin uly tejribe mekdebi boldy.
    Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlary we geljekki wezipeler
    Forumyň çäklerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Gruziýanyň döwlet sport uniwersiteti bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy milli sport ylmynyň dünýä giňişligine ýakynlaşmagynda möhüm ädim boldy.
    Ylym bilen amaly tejribäni berk birleşdiren bu giň göwrümli maslahatyň jeminde sport ulgamyny ösdürmek barada birnäçe wajyp teklipler we çözgütler öňe sürüldi. Dünýäniň öňdebaryjy sport merkezleriniň we birleşikleriniň ylmy işläp taýýarlamalaryny milli türgenleri taýýarlamakda giňden peýdalanmak, sport lukmançylygyny kämilleşdirmek, dikeldiş usullaryny hem-de türgenleriň iýmitleniş ulgamyny halkara standartlara laýyk getirmek, ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de Olimpiýa filosofiýasyny işjeň wagyz etmek esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
    Sport diňe bir ýaryş we bäsleşik däl, eýsem, halklary birleşdirýän, parahatçylygy, dostlugy hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan beýik güýçdür. Halkara ylmy maslahatda gazanylan netijeler we beýan edilen gymmatly pikirler ýörite taýýarlanylan ylmy ýygyndyda öz giň beýanyny tapdy. Maslahata gatnaşanlar ylym-bilimi we sporty ösdürmäge ähli şertleri döredip berýän giň mümkinçilikleri, halkara hyzmatdaşlygyna berilýän ýokary goldawy üçin Hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.

«Sanly türgen – 2026»

by News TDBweSI -


    2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sanly türgen – 2026» atly Hakaton bäsleşigi geçirildi. Ýaş türgenleri taýýarlamakda peýdalanyp bilinjek sanly platformalary, mobil goşundylary we maksatnamalary işläp taýýarlamaga gönükdirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň 18 sany ýokary okuw mekdebinden 5 adamdan ybarat bolan ýygyndy toparlar gatnaşdylar. Talyplaryň hödürlän taslamalary olaryň funksionallygy, interfeýsi, işjeňligi, özboluşlylygy hem-de taýýarlanyşyň tizligi boýunça 100 ball ulgamynda bahalandyryldy. Bäsleşigiň jemleri aşakdaky görnüşe eýe boldy:

1. Türkmenistanyň Serhet instituty – 98 ball, baş baýrak
2. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty – 93 ball, I orun
3. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty – 91 ball, I orun
4. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti – 87 ball, II orun
5. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty – 86 ball, II orun
6. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti – 84 ball, II orun
7. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti – 83 ball, III orun
8. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti – 82 ball, III orun
9. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty – 81 ball, III orun
10.  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty – 81 ball, III orun
11.  Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty – 80 ball, höweslendiriji baýrak
12.  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti – 78 ball, höweslendiriji baýrak
13.  Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty – 77 ball
14.  Türkmen döwlet maliýe instituty – 76 ball
15.  Türkmen oba hojalyk instituty – 75 ball
16.  Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy – 74 ball
17.  Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty – 65 ball
18.  Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty – 60 ball

Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys! Geljekde hem ylmy-innowasion gözlegleriňizde hemişe öňdeligi arzuw edýäris!

Sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasy.

Older topics...