Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde Aziýanyň we Okeaniýanyň IV çempionaty geçirildi. Bu çempionatda Türkmenistanyň ýygyndysynyň hatarynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Nurgeldi Annagurbanow hem çykyş etdi.
Aziýanyň we Okeaniýanyň IV çempionatynda 18-21 ýaşly türgenleriň arasyndaky kata ýaryşynda Türkmenistanyň sport abraýyny goran talyp ýigit Nurgeldi Annagurbanow çykyşyny altyn medal bilen tamamlady. Şeýlelikde, ol yklymyň iň güýçli adaty karateçileriniň gatnaşmagynda guralan ýaryşyň jemi boýunça hormat münberiniň iň ýokary gatyna çykmagy başardy.
Adaty karate boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň IV çempionaty 2024-nji ýylyň 15-nji awgustyndan 23-nji awgustyna çenli aralykda dowam etdi.