Объявления сайта

Makalalar ýygyndysyna bildirilýän talaplar

Makalalar ýygyndysyna bildirilýän talaplar

by Admin User -
Number of replies: 0


«Sagdynlyk we ruhubelentlik – döwrüň şygary,
äleme nusgadyr dana Pyragy» atly
ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysyna bildirilýän 
TALAPLAR

Ylmy-amaly maslahatyň ugurlary:
1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyra goýulýan belent sarpa.
2. Magtymguly Pyragy we sagdyn durmuş ýörelgeleri.
3. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde adamyň hereketde bolmagynyň,  zähmetsöýerligiň peýdalary hakynda.
4. Türgenleri taýýarlamakda şygryň ähmiýeti: sport ylham berýär her bir ýürege.
5. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri.
6. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýaş nesliň terbiýesindäki orny.

Umumy talaplar:
- Makalanyň göwrümi A4 ölçegli kagyzda 1,5 - 3 sahypa aralygynda bolmaly;
- makala türkmen dilinde taýýarlanylmaly we ýazmaça hem-de elektron 
(CD disk) görnüşleri bilen bilelikde ugrukdyryjy hat arkaly hödürlenilmeli;
- makala Times New Roman şriftinde taýýarlanylmaly we onda  awtoryň ady we familiýasy (doly), wekilçilik edýän guramasynyň ady, wezipesi, alymlyk derejesi sahypanyň merkezine düzülen 14-lik şriftde bolmaly;
-  makalanyň ady 16-lyk şriftde goýy gara baş harplar bilen ýazylmaly we  sahypanyň merkezine düzülen bolmaly;
- makalanyň esasy mazmuny 14-lik şrift bilen ýazylmaly we sahypanyň inine deňleşdirilmeli, setir aralary 1-likde bolmaly, sahypanyň gyralary: ýokarky we aşaky tarapy – 2,0 sm; çep tarapy – 3 sm; sag tarapy – 1,5 sm bolmaly;
- taýýarlanylýan makalalar ylmy-amaly maslahatyň ugurlaryna gabat gelmeli;
-  maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir makala hödürleýär we awtorlar ikä çenli bolup biler;
- guramaçylyk topary hödürlenen makalalaryň ylmy-amaly, ylmy-usuly taýdan ähmiýetlisini saýlap, çap etmek hukugyny özünde saklaýar;
- kabul edilen resminamalar yzyna gaýtarylmaýar;
- makalalar 2024-nji ýylyň 11-nji martyna çenli kabul edilýär.