Объявления сайта

Tanyşdyryş dabarasy

Tanyşdyryş dabarasy

by Admin User -
Number of replies: 0


   Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomdan ybarat ylmy-ensiklopediki işiniň 15-nji kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary giňden gatnaşdylar.

   Tanyşdyryş dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriň her biriniň halkymyz hem-de dünýä okyjylary, dürli ugurlar boýunça hünärmenler üçin ýankitabyna öwrülýändigini bellenildi. 

   Soňra professor-mugallymlar çykyş edip, bu ajaýyp işiň 15-nji kitabynda hem türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň täze-täze görnüşleriniň dermanlyk häsiýetleri, olaryň ýygnalýan we dermanlyk serişdeler taýýarlanylýan döwürleri barada gyzykly ylmy esasly maglumatlaryň beýan edilendigini bellediler. 

   Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň professor-mugallymlary öz çykyşlarynda täze kitapda beýan edilen ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerinden peýdalanmagy maslahat berdiler. Mälim bolşy ýaly, institutymyzda Lukman Arkadagymyzyň bu ajaýyp ylmy-ensiklopediki işini aýratyn ders hökmünde okadylmak hem girizilendir.

   Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda institutymyzyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz we tans toparynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

   Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşanlar okyjylar köpçüligini täze-täze eserleri bilen begendirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdiler.


Madina Mahmudowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe 

we sport institutynyň sport žurnalistikasy 

hünäriniň 5-nji ýyl talyby.