2022-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen ýurdumyzyň Hökümetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa döwletimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, agzalan mejlisiň barşynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.
Bu rezolýusiýa 62 döwletiň awtordaşlyk etmeginde biragyzdan kabul edildi. DIM-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentini daşary syýasy ýeňşi bilen gutlady we BMG-niň BA tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren bu rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek meselesine döwletimiziň aýawly çemeleşmesiniň nobatdaky tassyknamasy bolandygyny nygtady.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky rezolýusiýa kabul edildi. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada Türkmenistanyň öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.