Объявления сайта

Ýaş sport žurnalistleri: täze üstünlikler

Ýaş sport žurnalistleri: täze üstünlikler

by Admin User -
Number of replies: 0



   6-njy sentýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasynyň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi. Oňa institutyň Diller kafedrasynyň dil, edebiýat we žurnalistika hünärleri boýunça professor-mugallymlary, sport žurnalistikasy hünärinde okaýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

   Usuly maslahatyň jemleri boýunça beýan düzülip, institutda hereket edýän «Ýaş žurnalistler» merkezini döretmek, şeýle-de ýokary okuw mekdebiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny peýdalanmak bilen, institutda hereket edýän radio we telewideniýe studiýalarynyň işini talabalaýyk guramak, talyplaryň elektron görnüşde neşir edilýän gazetini döretmek, halypa mugallymlaryň talyp ýaşlar bilen alyp barýan halypa-şägirtlik mekdebi esasyndaky işleri has-da kämilleşdirmek barada çözgüt kabul edildi.

 Žaloleddin Baltabaýew,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.