“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş medeni çäresi guraldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şeýle-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda erkekleriň arasynda geçirilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş hem sport janköýerleriniň arasynda gyzgyn garşylandy.
Ýaryşyň netijesinde ezber toparlar öňe saýlandylar. Gyzgalaňly geçen ýaryşyň ýarym finalynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty duşuşdy. Ýaryş 3-1 hasap bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hasabyna tamamlnady.
Final duşuşykda bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 3-2 hasap bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden üstün çykyp ýeňişini baýram etmegi başardy. Ýokary okuw mekdebimiziň “Talyp sport” toparyny bu gazanan ýeňişi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa