Объявления сайта

Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

от Admin User -
Количество ответов: 0


   Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.

   Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instuitytnda guralan bu maslahat “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar-sport, sagdyn durmuş baş göreldesi” şygary astynda guraldy. Ylmy-amaly maslahatda  çykyş edenler ýurdumyzda saglyga sporta berilýän üns dogrusynda gürrüň etdiler. Dabarada institutymyzyň “Sagdyn nesiller” çeper höwesjeňler toparynyň aýdym-sazly edebi çykyşlary hem ylmy-amaly maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň 

mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa