Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze binalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýokary okuw mekdebimiziň mejlisler zalynda guralan bu dabara professor-mugallymlar we talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda, şeýle-de hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen sagdyn ýaş nesliň kemala gelmegini gazanmak maksady bilen bedenterbiýe we sporta berilýän aýratyn üns hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähmitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa