Объявления сайта

Türkmen tugy alyslarda parlaýar

Türkmen tugy alyslarda parlaýar

by Admin User -
Number of replies: 0


Bedenterbiýe we sporty hemra edinen ýaşlar bu gün öz ussatlygyny, ezberligini milli we halkara ýaryşlarda eýeleýän baýrakly orunlary bilen dünýä ýaýýarlar, şol bir wagtyň özünde hem türkmen sportynyň taryhynda täze sahypalary ýazýarlar. Türgenlerimiziň gazanýan şeýle ajaýyp üstünlikleri türkmen sportynyň abraýyny dünýä arenasynda öz ornyny tapmagyna iterýär. Dünýä ýüzündäki abraýyny has-da ýokary göterýärler.

Şeýle ýaryşlaryň biri hem golaýda Azerbaýjan döwletiniň Baku şäherinde geçirilen erkin göreş boýunça halkara ýaryşydyr. Bu abraýly ýaryşa biziň ýokary okuw mekdebimiziň türgen talyplary hem gatnaşyp baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Çekeleşikli bäsleşigiň  netijesinde Azymberdi Saparow 79 kg. agram derejesinde I orna, Amir Hamaýun 57 kg. agram derejesinde III orna, Dawutmuhammet Hallyýew 79 kg. agram derejesinde III orna mynasyp boldular.

Talyp türgenlerimiz bu gazanan üstünlikleri bilen gyzgyn gutlaýarys we geljekde geçiriljek halkara ýaryşlarynda hem baýrakly orunlary eýeläp ýurdumyzyň mukaddes tugyny al-asmanda pasyrdatmaklaryny arzuw edýäris.

 Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň

mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa