Объявления сайта

Halkara zenalar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi

Halkara zenalar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi

by Admin User -
Number of replies: 0


Ýurdumyzyň ähli künjeginde “Halkara zenanlar güni” mynasybetli dabaralar guralýar. Şeýle dabara ýokary okuw mekdebimiziň hem çäginde guraldy. Aýdym-sazly dabaraly çäre Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda talyp gyzlaryň we zenan mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Aýdym-sazly dabarly çäreniň  hormatly myhmany bolup Türkmenistanyň at gazanan artisti Çynar Jumaýewa, Pälwan Hamydow, Halbike Dowyýewa dagylar gatnaşdylar.

“Halkara zenanlar güni” mynasybetli guralan aýdym- sazly dabara uly el-çalpyşma bilen tamamlandy.

Taýýarlan Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň 

mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa