Объявления сайта

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

by Admin User -
Number of replies: 0


Aşgabat atçylyk sport toplumynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 
— «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy M.Annaberdiýewa «Bagtyýar» atly haly eseri;
— Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy B.Amanow «Türkmen bedewi» atly at şaý-sep toplumy;
— Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy A.Mälikow «Türkmen bedew aty Toýly» atly heýkel eseri;
— Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby I.Çüriýew «Bedew — göz guwanjym» atly foto işi;
— Türkmen döwlet medeniýet institutynyň operatoryň işi we montažyň režissýurasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Kakabaýew «Türkmen bedewi» atly wideoşekili üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyndan baýraklar bilen sylaglandy.