29-njy sentýabr ― 2-nji oktýabr
aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda
Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlary geçirildi. Bu oýunlarda ýurdumyza 26
türgen wekilçilik etdi. Olar Watanymyza uly üstünlik ― 24 medal bilen
dolandylar. Medallaryň agramly bölegini Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň talyp türgenleri gazandylar.
Biziň ildeşlerimiz medallary alyş göreşiniň nusgawy we erkin usullary, kuraş hem-de gazak göreşleri boýunça gazandylar. Medallaryň 6-sy altyn, 7-si kümüş, 11-si bürünç medallardyr.
Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlary Gazagystanda geçiriler.