Объявления сайта

Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlary

Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlary

by Admin User -
Number of replies: 0


29-njy sentýabr ― 2-nji oktýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlary geçirildi. Bu oýunlarda ýurdumyza 26 türgen wekilçilik etdi. Olar Watanymyza uly üstünlik ― 24 medal bilen dolandylar. Medallaryň agramly bölegini Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleri gazandylar.

Biziň ildeşlerimiz medallary alyş göreşiniň nusgawy we erkin usullary, kuraş hem-de gazak göreşleri boýunça gazandylar. Medallaryň 6-sy altyn, 7-si kümüş, 11-si bürünç medallardyr.

Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlary Gazagystanda geçiriler.