Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sportuň innowasion ugurly fijital we kibersport görnüşlerinden geçirilen ýaryşlaryň jemi jemlenilip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sportuň innowasion ugurly fijital we kibersport görnüşlerinden ýaryşlaryň geçirilmegi sportuň täze fijital görnüşleri boýunça ýaryşlar ussatlary ýüze çykarmak bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny aýdyň görkezdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sportuň birnäçe görnüşi boýunça bäsleşmek bilen özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň hereketli we sanly, şeýle hem elektron sporty görnüşlerinden geçirilen ýaryşlar «Geljegiň oýunlary» atly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrlarynda çykyş etjek zehinli türgenleri ýüze çykarmakda möhüm orny eýeledi. «Geljegiň oýunlary» fijital konsepsiýasynda sportuň adaty görnüşlerini kibersport we VR/AR tehnologiýalary bilen birleşdirýär. Geljek ýyl «Geljegiň oýunlary» atly halkara ýaryşy Birleşen Arap Emirliklerinde, 2026-njy ýylda bolsa Gazagystan Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Sport ýaryşlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşanlar berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň.
Ylym bölüminiň hünärmeni.