Eziz Diýarymyzda ilatyň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzda tennis sportuny has-da ösdürmek hem-de ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda Aziýa Tennis Federasiýasynyň 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy uly şatlyk-şowhuna beslener. Halkara ýaryşyna 12 döwletiň 70-den gowrak türgenleri, şeýle hem sport wekiliýetleri gatnaşýar.
Halkara ýaryşyň geçiriljek ýeri bolan Tennis toplumy Olimpiýa şäherjiginiň demirgazygynda ýerleşýär. Bu desgada tennis boýunça halkara we milli ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Onuň sygymlylygy 4000 adamdyr. Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi.
Tennis boýunça
«Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň maglumatlaryny ýükläp almak