Объявления сайта

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Döredijilik duşuşygy geçirildi

by Admin User -
Number of replies: 0


    2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň hem-de daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyndaky çykyşlary mynasybetli, institutyň Diller kafedrasynyň guramagynda, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
    Duşuşykda gazet-žurnallaryň baş redaktorlary institutyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlary bilen tejribelerini paýlaşdylar we talyp ýaşlaryň sowallaryna jogap berdiler.

Žaloleddin BALTABAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.