Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildi çapdan çykdy. 2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda onuň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Tanyşdyrylyş dabarasynda bu institutyň okuw işleri boýunça prorektory G. Sähedow, ylmy işler boýunça prorektory A. Gurbanmämmedow, Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň müdiri O. Geldimyradowa, Sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasynyň müdiri J. Gurbanowa, Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň dosenti J. Sopyýew, Diller kafedrasynyň müdiri O. Isenowa, Ýeňil we agyr atletika kafedrasynyň uly mugallymy N. Çarymow, Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň uly mugallymy G. Ýalkabowa çykyş etdi. Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, tür¬kmen topragynda bitýä¬n dermanlyk ösümlikle¬r we milli fitoterapi¬ýa baradaky bu özbolu¬şly ylmy-ensiklopedik¬ iş dünýäniň köp dill¬erinde neşir edilip, ¬millionlarça daşary ý¬urt okyjylaryna elýet¬erli boldy hem-de Tür-kmenistanda lukmançyl¬ygyň dürli ugurlary b¬oýunça hünärmenleriň ¬gollanmasyna öwrüldi.¬ Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ajaýyp kitaby okyjylara lukmançylyk -işine uly goşant goşa¬n türkmen halkynyň kö¬pasyrlyk tejribesidir¬ däpleri bilen tanyşm¬aga mümkinçilik berýä¬r.
Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň çykyşyna orun berlip, ol dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Orazbibi HAJYAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.