Объявления сайта

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyryna çykdy

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyryna çykdy

by Admin User -
Number of replies: 0


Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berýär.

Merkezi we Günorta sebitinde geçirilýän saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň (3:1), Eýranyň (0:3) hem-de Maldiwleriň (7:0) ýygyndy toparlary bilen «A» toparçada bäsleşen ýygyndy toparymyz 6 utuk toplap, toparçany ikinji orunda tamamlamagy başardy.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň futzal ýygyndysy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş eder.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň düzüminde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň mugallymlary Daýanç  Garajaýew, Berdimyrat Sapardurdyýew we Bedenterbiýe fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Allamyrat Kurbanow dagylar çykyş edip, milli ýygyndymyzyň bu gazanan üstünligine öz mynasyp goşandyny goşdular.

https://turkmenistan.gov.tm/