Объявления сайта

Sport ulgamynda sanly tehnologiýalar

Sport ulgamynda sanly tehnologiýalar

by Admin User -
Number of replies: 0


    Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk un iwersiteti «Smart Sport and Tourism: bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk pudaklarynda sanly üýtgeşmeler» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi.
     Guramaçylar Russiýanyň 14 sebitinden, şeýle-de ABŞ-dan we goňşy ýurtlardan: azerbaýjanly, täjigistanly, türkmenistanly, türkiýeli alymlardan we hünärmenlerden 60-dan gowrak ylmy makalalary kabul etdiler. Umumy mejlis we bölümler gyzykly pikirlere baý boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri 2024-2025-nji okuw ýylynda täze açylan sportuň innowasion ugurly fijital görnüşi, şeýle hem «Olimp» ylmy-usuly merkezinde alnyp barylýan ylmy barlaglar boýunça ylmy makalalary taýýarladylar. 
Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersiteti bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2023-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýändigini ýatladýarys. Şol senede ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama baglanyşyldy.