Enrolment options

Fizioterapiýa. II-III kurs. I-II ý.ý

   Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryny we döwletimiziň Milli ýygyndy toparlaryny Aziýa we dünýä çempionatlaryna taýýarlamak, ýeňiş gazanmak esasy wezipämize öwrülýär. ―Adam anatomiýasy‖ dersiniň amaly endiklerini bilmek we ony Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň taýýarlaýan hünürmenleriniň sport mümkinçiliklerini giňeltmekde esasy maksatlarynyň biridir. Adam anatomiýasy- bu adam bedeniniň daşky görnüşi we içki gurluşy baradaky ylymdyr. Anatomiýa adam bedeniniň gurluşyny, onuň agzalarynyň ýerine ýetirýän işleri bilen baglylykda öwrenýär. Beden bölekleriniň daşky görnüşini, gurluşyny,ösüşini öwrenende biologiki hem-de ykdysadyýet -durmuş ýagdaýlarynyň täsirini, agzalaryň gurluş işjeňliginiň özara sazlaşygyny, bedeniň daşky gurşaw bilen gatnaşygyny göz öňunde tutýar. Anatomiýa beden saglygynyň we sportuň tebigy-ylmy esaslaryny döredýän ylymlaryň biridir. Adam anatomiýasynyň ýörite bölegi sport morfologiýasy bolup,türgenleriň beden gurluşynyň aýratynlyklaryny öwredýär.Sport morfologiýasy sport bilen meşgullanma netijesinde bedeniň,beden bölekleriniň daşky we içki görnüşleriniň, gurluşynyň özgertmeleriniň kanunalaýyklygyny öwrenýär.Sport morfologiýasy sport hünärmenleri üçin wajyp orny tutýar.

Guests cannot access this course. Please log in.