Gimnastika we ony okatmagyň usulyýeti
Türkmenistanda sporty ösdürmek bilen baglanşykly işler giň gerimde rowaçlanýar, sebäbi Türkmenistanlylaryň sport bilen meşgullanmaklary babatdaky alada ýurduň döwlet syýasatynda mynasyp orun eýeleýär. Mähriban Diýarymyzda adamalaryň bagtyýar ýaşaýşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde sporta aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Baky Bitarap Türkmenistanyň durmuşynyň ähli ugurlarynda aýdyň ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirmek, olaryň yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin örän uly mümkinçilikler döredýär.
Gimnastika sportunyň hem Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň bedenini terbiýelemekde ähmiýeti uly. Ýurdumyzyň raýatlary gimnastikanyň serişdelerini gigiýena we bejeriş, sport we sagaldyş, amaly we kömekçi ýaly dürli maksatlar üçin peýdalanylýar. Gimnastikanyň umumy ösdüriji, amaly we sport görnüşleri dürli ýaşly, dürli jynsly adamlaryň saglygyny berkitmekde ähmiýeti bimöçberdir.