Bedenterbiýäniň we sportuň hukuk esaslary. II / IV / V kurs, II y.y.
Bu ders geljekki hünärmenlere sport we bedenterbiýe ulgamynyň hukuk esaslaryny ýöretmekden we şonuň ýaly hem zähmet hukuk gatnaşyklarynda hukuk medeniýetiniň ulgamyny kemala getirmekden ybarat bolup durýar. Talyplar bu dersi öwrenmek bilen bedenterbiýäniň we sportuň hukuk esaslary bilen bir hatarda onuň bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolýan, ähli kanunlarymyzyň çeşmesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň raýat, zähmet, dolandyryş, jenaýat kanunçylyklary dersleri hem öwrenýärler. Netijede, “Bedenterbiýäniň we sportuň hukuk esaslary” dersini öwrenmek bilen, talyplar durmuşynda we jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, alan bilimlerini talabalaýyk ulanmaklaryny gazanmak we Türkmenistanyň Prezidentiniň her bir kararlaryna, permanlaryna, şonuň ýaly hem ýurtda hereket edýän, kanunlara, kadanamalara, düzgünnamalara we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalara hormat goýmaklaryny ündemekden ybarat bolup durýar.
Filosofiýa. II kurs, II y.y.
“Filosofiýa” okuw dersini okatmagyň baş maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň badalga beren Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamzadyň filosofiki pikiriniň dürdänelerini türkmenistanly ýaşlaryň içgin öwrenmeklerini ýola goýmak bilen, olaryň dünýä siwilizasiýasynyň häzirki şertlerinde adamzat ösüşiniň meseleleri barada giňişleýin oýlanmak hem-de olaryň oňyn çözgütlerini tapmak işine işjeň gatnaşmaga ukyply şahsyýetler bolup ýetişmeklerine ýardam etmekden ybaratdyr.
Häzirki zaman türkmen jemgyýeti IV kurs, II-ý.ý.
«Häzirki zaman türkmen jemgyýeti» okuw kitabynda ilkinji gezek türkmen ýurdunda döwrebap jemgyýetiň kemala gelşi giňişleýin beýan edilýär. Kitapda ozalky agrar ýurt bolan Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülişi köptaraplaýyn açylyp görkezilýär. Şonda ýurduň tebigy baýlyklarynyň, geosyýasy ýerleşişiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň we durmuş tejribesiniň esasynda ösüşiň türkmen nusgasynyň döreýşi we amal bolşy derňelýär. Şol nusganyň jemgyýetiň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýüze çykyşy açylyp görkezilende dünýäniň ösen ýurtlarynda industriallaşmakda toplanan nazary we amaly gymmatlyklar hem göz öňünde tutulan.
«Häzirki zaman türkmen jemgyýeti» okuw kitaby yokary okuw mekdepleriniň talyplaryna, jemgyýetçilik ylymlary bilen bagly derslerden okadýan mugallymlara, bu ylymlary öwrenýän aspirantlara, doktorantlara we ylmy işgärlere, türkmen jemgyýetinde geçýän özgerişler bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň köpçüligine niýetlenilýär.
Syýasaty öwreniş. III kurs, I y.y. (2024/25)
Şu okuw maksatnamasy döwletimizde 2013-nji ýylyň maý aýynyň 4-ne kabul edilen “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” permana we “Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” karara, 2021-nji ýylyň 10-iýunynda Kabul edilen “Bilim hakyndaky” kanuna laýyklykda Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş neslini mähriban Watanymyz Türkmenistanyň jemgyýet gurluşyny, bütin dünýä möçberinde jemgyýet baradaky ylmyň ähmiýetlidigini özleşdirip olary dürs häsiýetlendirmegi başarmagy öwretmek bolup durýar.
Türkmenistanyň taryhy. I kurs, I y.y. (2024/25)
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 10-nda rejelene görnüşde kabul edilen “Bilim hakynda” Kanuna, “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permanyna we “Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararyna laýyklykda düzülen şu iş maksatnamanyň esasy maksady ýokary okuw mekdebimizde taýýarlanýan hünärmenleriň türkmen taryhy barada giň dünýägaraýyşynyň bolmaklygyny gazanmakdan ybarat.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmekde alyp barýan işleriniň many-mazmunyny; taryhyň kanunlaryna, dünýä taryhynyň tejribeligine esaslanylanyp hronologiýa – yzygiderliligini; türkmen halkynyň kemala gelmegini, etnogeneziniň meselelerini; Türkmenistanyň Garaşsyzlyk eýýamynda içeri we daşary syýasatynyň esasy wakalaryny; ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň Türkmenistanda häzirki döwürde – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösüşiniň taryhyny bolmagyny öwretmekden, watansöýüjilik duýgularyny ösdürmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary. II kurs, II y.y. (2024/25)
”Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary“ okuw kitaby orta hünär okuw mekdepleri üçin niýetlenilip, talyplara Türkmenistanyň kanunçylyk esaslaryny öwretmeklik göz öňünde tutulýar. Onda Türkmenistanyň Konstitusion hukugynyň, Türkmenistanyň dolandyryş (administratiw) hukugynyň, Türkmenistanyň zähmet hukugynyň, Türkmenistanyň raýat hukugynyň, Türkmenistanyň ekologiýa hukugynyň we Türkmenistanyň jenaýat hukugynyň kanunçylyk esaslarynyň mazmuny açylyp görkezilýär. Agzalan hukuk pudaklaryna umumy düşünje berlip, olara degişli hukuk kadalary we hukuk gatnaşyklary seljerilýär. Degişli hukuk pudaklarynyň kadalary bozulan halatynda ýüze çykýan jogapkärçilikler hakynda düşündirilýär.
Žurhalistikanyň halkara hukugy, I kurs, II y.y.
Bu ders geljekki žurnalistlere «Žurnalistikanyň halkara hukugyny» öwretmekden we şonuň ýaly hem zähmet−hukuk gatnaşyklarynda hukuk medeniýetini kemala getirmekden ybarat bolup durýar. Talyplar bu dersi öwrenmek bilen ýeke bir «Žurnalistikanyň halkara hukugy» baradaky meseleleri öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň beýleki kanunlaryny we hukuknamalaryny hem-de halkara kanunçylygyny hem utgaşdyryp öwrenýärler. Netijede, «Žurnalistikanyň halkara hukugy» dersini öwrenmek bilen, talyplar nazaryýetde alan bilimlerini talabalaýyk ulanmaklaryny gazanmak bilen, hormatly Prezidentimiziň her bir kararlaryna, permanlaryna, şonuň ýaly hem ýurtda hereket edýän kadalara, düzgünnamalara we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalara hormat goýmak endiklerini ele alýarlar.