Häzirki zaman türkmen jemgyýeti IV kurs, II-ý.ý.
«Häzirki zaman türkmen jemgyýeti» okuw kitabynda ilkinji gezek türkmen ýurdunda döwrebap jemgyýetiň kemala gelşi giňişleýin beýan edilýär. Kitapda ozalky agrar ýurt bolan Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülişi köptaraplaýyn açylyp görkezilýär. Şonda ýurduň tebigy baýlyklarynyň, geosyýasy ýerleşişiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň we durmuş tejribesiniň esasynda ösüşiň türkmen nusgasynyň döreýşi we amal bolşy derňelýär. Şol nusganyň jemgyýetiň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýüze çykyşy açylyp görkezilende dünýäniň ösen ýurtlarynda industriallaşmakda toplanan nazary we amaly gymmatlyklar hem göz öňünde tutulan.
«Häzirki zaman türkmen jemgyýeti» okuw kitaby yokary okuw mekdepleriniň talyplaryna, jemgyýetçilik ylymlary bilen bagly derslerden okadýan mugallymlara, bu ylymlary öwrenýän aspirantlara, doktorantlara we ylmy işgärlere, türkmen jemgyýetinde geçýän özgerişler bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň köpçüligine niýetlenilýär.