«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplarda gyzyklanma döretmek, özbaşdak pikirlenmegi öwretmek, başarjaň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle hem halkara, döwlet derejesinde geçirilýän internet olimpiadalaryna taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň arasynda sanly bilim we kompýuter tehnologiýalary boýunça 1-nji intranet olimpiadasy geçirildi.

Intranet bäsleşikleri internetden tapawutlylykda bilim edarasynyň içerki hususy sanly bilim portaly arkaly guralýan häzirki döwrüň ýokary mümkinçilikli bäsleşikleri hasaplanýar. Intranetdäki programmalar internet tehnologiýalaryny ulanmaga hem-de web tehnologiýalarynyň aýratynlyklaryna esaslanýardyr.

Soňky ýyllarda institutymyzyň talyplary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» okuw-ylmy merkezi tarapyndan uzak aralykdan we onlaýn görnüşlerde geçirilýän internet olimpiadalaryna, düzme bäsleşigine okuw meýilnamalarynda hereket edýän derslerden gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Bu bolsa öz gezeginde ýokary okuw mekdebimize sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde talyplarymyzyň sport üstünlikleri bilen bir hatarda ylym-bilim babatda hem ýokary netijeleri gazanýandygyny görkezýär.

Sanly test ulgamy arkaly geçirilen 1-nji intranet olimpiadasynyň netijesi boýunça 1-nji orna Sport fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Ahmet Taganow, 2-nji orna Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Babaly Ataýew, 3-nji orna Bedenterbiýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Yhlas Arazdurdyýew mynasyp boldular. Ýeňijiler degişli derejeli hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bäsleşige gatnaşanlar sanly ulgam boýunça döredilýän şeýle uly mümkinçilikler, amatly şertler üçin Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Orazmyrat Esenow,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Okuw bölüminiň başlygy.

Last modified: Saturday, 18 March 2023, 8:28 AM