TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE
WE SPORT INSTITUTY
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I.Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe).
II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).
Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).
Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa (sport psihologiýasy)).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.