Türkmen sportunyň abraýy gün-günden ösýär, özgerýär. Muňa türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda eýeleýän baýrakly orunlary hem şaýatlyk edýär. Talyp türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläp, türkmen sportunyň gaznasyna baýrakly orunlary bilen özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Golaýda, Daşkent şäherinde (Özbegistan Respublikasy)
Taekwando (ITF) boýunça geçirilen Merkezi Aziýa çempionaty hem üstünliklere baý ýaryşlaryň biri boldy. Bu ýaryşda talyp türgenlerimiz baýrakly orunlaryň birnäçesini eýelemegi başardylar. Olardan Annamyrat Goşanyýazow, Amanberdi Agajanow, Orazmuhammet Ustaýew toparlaýyn (tul) görnüşde altyn medala mynasyp bolmagy başardylar. Şeýle-de ady agzalan türgenlerimiz toparlaýyn söweş görnüşinde bürünç medala hem mynasyp boldular.
Şahsy söweş görnüşinde Orazmuhammet Ustaýew, (ýekeleýin tul görnüşinde), Annamyrat Goşanyýazow (görkezme çykyşda) altyn medaly eýelediler. Şeýle-de Amanberdi Agajanow, Annamyrat Goşanyýazow şahsy söweşde bürünç medala mynasyp boldular. Talyp türgenlerimize geljekde geçirilejek şeýle halkara ýaryşlarynda hem üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa