Объявления сайта

Sport ylymlary babatda halkara hyzmatdaşlyk

Sport ylymlary babatda halkara hyzmatdaşlyk

by Admin User -
Number of replies: 0


Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Buharestiň Milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň arasynda baglaşylan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama esasynda ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary sanly ulgam arkaly halkara maslahata gatnaşdylar. Buharestde guralan «Bütindünýä saglygynda sport ylmynyň orny» atly halkara ylmy-amaly kongresde sport ylmynyň bütindünýä saglygyndaky orny we täze ylmy barlaglar boýunça tejribeler alşyldy.
Çäräniň dowamynda institutymyzyň wekilleri Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynda ýerleşýän «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň işi bilen tanyşdyrdylar. Iň kämil sport we anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilen bu merkezde türgenleriň fiziki ýagdaýyna baha bermek hem-de taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan innowasion ylmy-barlag işleri halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Bu hyzmatdaşlyk we halkara maslahatyna gatnaşmak türkmen sport ylmynyň dünýä giňişligine çykmagyna, ylmy-barlag işleriniň kämilleşmegine we talyp ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaga bolan höwesiniň artmagyna uly goşant goşýar.

Begenç MOLLAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
bedenterbiýe hünäriniň 4-nji ýyl talyby.