Объявления сайта

Açyk gapylar» güni

Açyk gapylar» güni

by Admin User -
Number of replies: 0


Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary institut bilen tanyşdyrmak üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär

«Açyk gapylar» günlerinde bilime-ylma höwesli zehinli ýaşlara hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli parasatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim hem-de bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, institutymyzda taýýarlanylýan hünärler, sport we bedenterbiýe boýunça alnyp barylýan okuw, terbiýeçilik, ylmy, usulyýet, medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler.
«Açyk gapylar» günleri institutda 2026-njy ýylyň 2-4-nji apreli aralygynda her gün sagat 14:00-dan – 18:00-a çenli dowam eder.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 22-64-02, 22-65-47.
Elektron salgysy: tdbsi@sanly.tm

Şeýle-de okaň: