Объявления сайта

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

by Admin User -
Number of replies: 0


2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde hormatly Prezidentimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat eden «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

>Dabara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, sport mekdepleriniň wekilleri, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

>Çykyş edenler «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren bu kitabynyň uzak asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri esaslandyran türkmen halkynyň täze taryhyna bolan syýahatdygyny bellediler.

>Şeýle-de, dabara gatnaşanlar parahatçylygyň we durnuklylygyň höküm sürýän ýurdunda ilatyň durmuş derejesiniň we hal-ýagdaýynyň gyşarnyksyz ösüşiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe sürülýän taglymatyň aýdyň şaýadydygyny nygtap geçdiler.

>Dabaranyň ahyrynda çärä gatnaşanlar türkmen halkyna beren ajaýyp edebi sowgady üçin Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

www.msy.gov.tm