Объявления сайта

Talyp türgenimiz ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda dünýä rekordyny täzeledi

Talyp türgenimiz ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda dünýä rekordyny täzeledi

by Admin User -
Number of replies: 0

     Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Matýakubow Şahzadbek Doha (Katar) şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda altyn medal gazanyp, dünýä rekordyny goýdy.

       Matýakubow Şahzadbek 102 kg agram derejesinde çykyş edip, ýeňiji boldy. Ol itekläp galdyrmakda (219 kg) we jemi iki görnüşli ýaryşda 396 kg (177+219) netije görkezip, ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordlaryny goýdy.

        Eýranly türgenler: Alireza Nasiri – 389 kg (171+218) we Abolfazl Zare – 366 kg (172+194) netije görkezip, degişlilikde ikinji we üçünji ýerleri eýelediler.

Arslan MYRADOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Ylym bölüminiň hünärmeni.