Объявления сайта

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary institut bilen tanyşdyrmak üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary institut bilen tanyşdyrmak üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär

by Admin User -
Number of replies: 0


«Açyk gapylar» günlerinde bilime-ylma höwesli zehinli ýaşlara hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli parasatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim hem-de bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, institutymyzda taýýarlanylýan hünärler, sport we bedenterbiýe boýunça alnyp barylýan okuw, terbiýeçilik, ylmy, usulyýet, medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler.

«Açyk gapylar» günleri institutda şu ýylyň 27-nji aprelinde we 13-nji maýynda sagat 15:00-da başlanýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 22-64-02, 22-65-47.

Elektron salgysy: tdbsi@sanly.tm

Web-saýt: http://www.tdbsi.edu.tm