Объявления сайта

Dabaraly maslahat

Dabaraly maslahat

от Admin User -
Количество ответов: 0


    Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Halkara Ýaşuşular güni mynasybetli «Ýaşulular guwanýar bu Diýara, Arkadaga, Arkadagly Serdara» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Dabarany Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň, bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Nurmuhammet Ataýew alyp bardy. 
    Dabaraly maslahata ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy» Hangeldi Baýramow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji  orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Ogultäç Babaýewa,     
    Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Turana Gurbanowa çykyş etdi. 
     Halkara Ýaşuşular güni mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda «Sagdyn nesiller» aýdym-saz topary çykyş etdi.

Orazbibi HAJYAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.