Gimnastikanyň nazaryýeti we usulyýeti

“Gimnastikanyň nazaryýeti we usulyyeti” dersini okatmak üçin niýetlenen bu maksatnamanyň esasy maksady Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň täze bilim syýasatynyň talabyna laýyk gimnastika sporty boýunça ýörite hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu maksatnama Türkmenistanyň Prezidenti ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn bedenli, ruhy belent edip ýetişdirmek üçin, sportçy hünärmenleriň öz saýlap alan görnüşlerinden ussatlygyny ýokarlandyrmak we oňa bolan söýgüsini has-da çuňlaşdyrmak üçin örän möhümdir. “Gimnastikanyň nazaryýeti we usulyyeti” okuw dersi hokmünde şu ugurdan tälim alýan talyplara türgenleşik işlerinde we halkyň arasynda bedenterbiýe bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge kömek edýär. “Gimnastika” bedenterbiýe dersiň başlangyjy hökmünde ýokary okuw mekdebinde okan ýaş hünärmenleriň bedenterbiýe we sport boýunça taýýarlygyny anyklamaga kömek edýär. Şu okuw dersi ýokary okuw mekdebinde bilimleri ele almak we ýokary okuw mekdebinde önümçilik tejribeliginde dogry ulanmak maksady bilen öwredilýär.