Psihologiki tejribelikler
Psihologik tejribelik (praktikum) dersi umumy we eksperimental psihologiýa dersleriniň esasyny özünde jemlemek bilen “sport psihologiýasy” hünäriniň talyplary üçin niýetlenip, taglymaty-nazary esaslandyrylan bilimlerini amaly-derňew usullaryň kömegi bilen kesgitlemegi göz öňünde tutýar. Psihologik tejribelik dersi geljekki sport psihologlarynda häzirki zaman psihologiýa ylmynyñ nazarýet esaslaryny hem-de psihologik tärlerini özleşdirmek esasynda, mekdepde okuw-terbiyeçilik işini netijeli guramaga bilim, başarnyk, endikleri kemala getirmeklige gönükdirilendir.