Psihofiziologiýa

   Häzirki zaman psihologiýasy arassa gumanitar ylym bolmakdan arany açdy. Derňew labaratoriýalary nerw ulgamynyň işini obýektiw görkezýän EEG we DGR, myşsa ýygrylmalaryny, gözüň hereketlerini bellik etmek bilen we başgada dürli tehniki enjamlary bilen bellik etmek esasynda amala aşyrylýar. Dersde psihologiýa ylmynyň esasy bölümleriniň biri bolan psihiki işiň psihofiziologik aýratynlyklaryna seredilip geçilýär.

   Dersiň maksady adamyň psihofiziologiýasynyň umumy we aýry-aýry soraglaryny öwrenmekden ybarat.

   Psihofiziologiýa - bu psihiki hadysalary biologik düzüjileriň mümkinçliginden peýdalanyp, ylymy dünýä garaýşyny giňeltmek, psihologik ýagdaýlary biologiýanyň üsti bilen öwrenmek bolup durýar.