Motiwasiýa we emosiýanyň psihologiýasy

   Dersde adam gatnaşyklarynda duýgy we emosional ýagdaýlarynyň ornuny, onuň ylmy-taglymaty taýdan öwrenilýän esasy ugurlarynyň meselelerini talyplara açyp görkezmek hem-de psihologik esaslaryny öwrenmeklik hödürlenýär. Psihologiýa ylmynda motiwleriň we emosiýalaryň aýratyn ders hökmünde öwernilmrgi talypara bu düşünjeler bilen baglanyşykly meseleleri ylmy hem-de onuň amalyýet taraplaryny doly öwrenmäge, tejribeleriň esasynda ýüze çykarmaga, gelinen netijeleriň hil we mukdar derejelerini kesgitlemäge mükinçilik döreder. Duýgy-emosiýanyň psihologik, neýrofiziologik, psihopatologik ugurlaryndan geçirilen empiriki derňewlere seljerme bermek bilen möhüm taglymaty işleriň esasyny özleşdirmekligi göz öňüne tutýar.