Internet we sport fotožurnalistikasy
Ýurdumyzda bilim ulgamyndaky özgertmeler syýasatyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde iş meýilnamalaryna düýpli täzelikler girizmek esasy wezipe bolup durýar. Nazary okuwlaryň amaly okuwlar bilen sazlaşygyny gazanmak we häzirki döwrüň mümkinçiliklerinden peýdalanyp internet we sport fotožurnalistikasyny çuňlaşdyryp öwretmek, sport bilen utgaşdyrmak öňe sürülen pikir bu maksatnamada esasy mazmunyna eýe bolýar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hem şu syýasatdan ugur alyp, sport žurnalistikasy hünäriniň talyplary üçin “Internet we sport fotožurnalistikasy” okuw dersini öwretmek ýola goýuldy. Mundan başga-da orta okuw mekdeplerinde sportuň görnüşleri boýunça ýaryş geçirmeklige we sport- köpçülik işlerini geçirmeklige işjeň gatnaşmaklygy öwrenmek hem-de şol ýaryşlary şöhlelendirenlerinde öz ukyplaryny görkezmek bu okuwlaryň düýp mazmunynydyr. Talyplara bu dersi okatmak bilen olara internediň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmagyň şol sanda ýaryş pursadynda surata almagyöň aýratynlygyny öwretmegi maksat edinýäris.