TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE WE SPORT INSTITUTY

1980-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň Bedenterbiýe fakultetiniň binýadynda döredilen Türkmen döwlet bedenterbiýe institutynyň ady 1997-nji ýylda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty diýlip üýtgedildi. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda kabul eden Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen institutyň hereket eden öňki ady üýtgedilip, ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýlip atlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer ýörelgesinden ruhlanyp, institutyň 4 sany fakultetiniň 13 sany kafedrasynda ýokary derejeli mugallymlaryň, milli we halkara derejeli eminleriň, sport ussatlarynyň we Türkmenistanyň at gazanan tälimçileriniň 200-den gowragy talyplara hünär we terbiýe bermek üçin yhlasly zähmet çekýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe professor-mugallymlarymyz talyplaryň 1800-den gowragyna berilýän bilimiň hilini yzygiderli kämilleşdirmekde, ýaşlaryň watançylyk, zähmetsöýerlik duýgularyny has-da berkitmekde, ata Watanymyza, merdana halkymyza buýsançlaryny ýokarlandyrmakda uly tagallalary edýärler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamy giň gerimlerde ösdürilýär. Merjen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi, ähli welaýat merkezlerinde gurlan 10 müň orunlyk stadionlar, welaýat merkezlerindäki atçylyk sport toplumlary, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, döwrebap sport mekdepleri we beýlekiler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bularyň hemmesi Hormatly Arkadagymyzyň “Sagdyn, bilimli-sowatly ýaşlar biziň röwşen geljegimiziň girewidir” diýen parasatly sözleriniň subutnamasydyr.

Institutyň fakultetleri, kafedralary, taýýarlaýan ugurlary we hünärleri:

Fakultetler:

1. Bedenterbiýe 

2. Sport 

3. Sportuň olimpiýa görnüşleri 

4. Hünär derejesini ýokarlandyryş

Kafedralar:

1. Jemgyýeti öwreniş ylymlary 

2. Bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti 

3. Diller 

4. Sportuň köpçülikleýin görnüşleri 

5. Sportuň oýun görnüşleri 

6. Sportuň başa-baş tutluşyk 

7. Ýeňil we agyr atletika 

8. Sportuň gyşky we suw görnüşleri 

9. Sportuň göreş görnüşleri 

10. Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi 

11. Sport tehnologiýalary we menejmenti 

12. Bedenterbiýe we gimnastika 

13. Pedagogika we psihologiýa

Ugurlar:

1. Bedenterbiýe we sport 

2. Ykdysadyýet we dolandyryş 

3. Psihologiýa ylymlary

Hünärler:

1. Sportuň görnüşi boýunça tälimçi 

2. Bedenterbiýe mugallymy 

3. Sport žurnalistikasy 

4. Sagaldyş işi 

5. Sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi 

6. Sport desgalaryny dolandyrmak 

7. Sporty maliýeleşdirmek 8. Sport psihologiýasy

Häzirki wagtda institutda sportuň 46 görnüşi boýunça (adaty karate, agyr atletika, atçylyk sporty, awtosport, basketbol, 3x3 basketbol, bilýard, boks, bouling, buzda figuralaýyn typmak, dzýudo, futbol, futzal, gandbol, gimnastika, erkin göreş, grek-rim göreşi, guşakly göreş, gylyçlaşmak, hokkeý, jiu-jitsu, kenarýaka woleýbol, kikboksing, konkur, kuraş, küreklemek, küşt, milli göreş, muaý-taý, nyşana ok atmak, sambo, suwda sazlaşykly ýüzmek, sport tansy, stoluň üstünde oýnalýan tennis, suwa bökmek, suwda top oýnamak, suwda ýüzmek, taekwondo, uly tennis, welosport, woleýbol, ýaýdan ok atmak, ýeňil atletika, uşu, badminton, golf) ýöriteleşdirilen sapaklar alnyp barylýar.


Institutymyzyň talyp türgenleri Koreýa Respublikasynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilen XXVII Bütindünýä tomusky uniwersiadasynda, Gyrgyzystan Respublikasynda geçirilen Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazandylar.


Ak şäherimiz Aşgabatda 2017-nji ýylda ýokary guramaçylykly geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda talyp türgenlerimiz ynamly ýeňiş gazanyp, jemi 115 sany medala, şol sanda 34 altyn, 39 kümüş we 42 bürünç medallara mynasyp boldular.

Berkarar döwletimiziň bagtyýar talyp türgenleri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemek bilen, soňky ýyllarda 1 müňden gowrak medallary gazanmagyň hötdesinden geldiler.


Institutda talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we sport ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredilendir. Okuw we türgenleşik sapaklary “Aşgabat” stadionynda, “Olimpiýa” suw toplumynda we atçylyk sport toplumlarynda geçirilýär.

Okuw işleri döwrebap okuw maksatnamalary we meýilnamalary esasynda alnyp barylýar. Täze okuw meýilnamasynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-bilimi ýokarlandyrmak baradaky talaplaryna laýyklykda öwredilýän hünärleriň nazaryýet we usulyýet taýdan amaly özleşdirilişine, dersleriň mazmunynyň meýilleşdirilişine, okuwyň tejribelik bilen utgaşdyrylyşyna aýratyn üns berilýär.


Okuw işlerinde usulyýet kömegini bermek we ylmy-usulyýet işlerine ýolbaşçylyk etmek maksady bilen institutyň fakultetlerinde talyplaryň ylmy gurnaklary alnyp barylýar. Halkara, döwlet derejesinde şanly seneler mynasybetli guramaçylykly geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara professor-mugallymlar bilen bilelikde talyp ýaşlar hem gatnaşýarlar. Talyplar ylmy-barlag işlerine işeňňir çekilýär. Ýokary okuw mekdebimizde Okuw-usulyýet bölümi, Aspirantura, Talyplar sport kluby, ýokary tizlikli Internetli kitaphana we beýleki düzüm bölekleri işjeň hereket edýärler.


Hormatly Alym Prezidentimiziň ynsanperwer hem-de parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde diňe bir ykdysadyýeti depginli ösýän kuwwatly döwlet hökmünde däl-de, eýsem, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär.

ÝOKARY OKUW MEKDEBIMIZE

HOŞ GELDIŇIZ! 

TÜRKMENISTAN, Aşgabat şäheri, 

Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.